Magtymguly Pyragynyň galyň kitabyny elime alýaryn. Şahyryň setirlerini gözüm bilen yzarlap ugraýaryn. Goşgulary içimden okaýaryn, daşymdan, sesli okamaga çekinýärin... «Manysyna, çuňlugyna doly düşünmän, ol goşgulary sesli okamaga hakym beri barmyka?!» diýip oýlanýaryn...
Şygyr okamagy gowy görsem-de, Pyragynyň şygryýeti ýöne okap geçiläýmeli däldigi üçin, diňe bir adamyň ykbaly däl, diňe bir milletiň ykbaly däl, bütin adamzadyň ykbaly çözlenilýändigi üçin her kimi golaýyndan eltmeýän bolmaly.