Ýagşy söz dünýäni gezýär

11 Iýul 2024
238

(Hekaýa)

Men indi bir döwürler: «Hemme ýollar Rime barýar» diýlen gaty gadymy şäherde üç günden bäri gezip ýörün. Bu ýerde her bir ädimde saňa täzelik garaşýar. Aňyrrak ýöräberseň, şäheriň dükandan pürepür bolan köçeleri başlanýar. Olara at goýluşam üýtgeşik. Dükanyň ýüzündäki hatlaram bilmedim ýa-ha müşderini gyzyklandyrmak üçin ýazylan, ýa-da başga bir pikir bilen. Ynha, bir dükanyň ýüzünde şeýle ýazgy bar: «Italýan harydyny alyp ýalňyşan ýok».

Öwezmyrat ÝERBENDI,
ýazyjy.