Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başlarydy. Çarwa maşgalasy bolansoň, tomsuna dört-bäş öýli bolup, Orpa guýusynyň başynda oturardyk. Orpa bilen Garaýman obasynyň aralygy onçakly uzak däldi. Käteler Goýmatdan mamamy hem ýanymyza alyp gelerdik. Bir gün mamam maňa: «Garaýmana Bäbi dädeň gelipdir. Ertir düýeli git-de, alyp gel!» diýdi.
Özüme şeýle ýumşuň buýrulanyna monça boldum. Bäbi däde şol wagtlar hem gartaşan gojady. Onuň uly ogly Nejepguly Garaýmanda goýun bakýardy. Ertesi öňkülerimden ir turdum.