Türkmen binasy

9 Iýul 2024
230

Owal-ahyr döwletlilik ýar bolan,
Päk niýetden ýoly şuglazar bolan,
Gursak doly namys bolan, ar bolan,
Mähri otdan yssy türkmen danasy
Dünýe dursa, durar türkmen binasy.

Şu güne ýetiren geçmiş ýaňyny,
Ak bagta meňzetdim säher, daňymy,
Nesilleriň paýhasyny, aňyny —
Kämil edip, salan sarsmaz galasy,
Dünýe dursa, durar türkmen binasy.

Selbi ATAJANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.