Magtymgulynyň «Ýar olmagyl» goşgusy

9 Iýul 2024
210

Halkymyz nesil terbiýesi baradaky meselede türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ýörelge hem-de görelde mekdebine öwürdi. Şonuň üçin Magtymgulynyň şahyrana dünýäsine degişli mesele barada gürrüň açylanda watançylyk we ynsanperwerlik pikirleri, öz üstünden üç asyr wagtyň geçendigine garamazdan, nesiller üçin terbiýeçilik mekdebi bolup hyzmat edýär. Onuň «Ýar olmagyl» goşgusy hem şeýle häsiýetdedir. Goşgynyň birinji bendinde:

Gel, köňlüm, nesihat berem,
Lamekana ýar olmagyl.
Her ýetene ýarym diýip,
Yzynda bimar olmagyl

Aşyrgeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy bölüminiň habarçysy.