(«Göwündäki gündelik» ýatlamalar kitabyndan)
Kitap tekjämden elime ilen kitaby sogurdym. Gözüme has yssy görnüp gitdi. Dagy nä! «Inim Gurbannazara iň oňat arzuwlar bilen Arazbaýdan» diýen ýazgy «Ruh» neşirýatynda 1995-nji ýylda çykarylan «Adat» diýen galyň kitaby açaýan ýeriňe ýazylypdyr. Ortadan uzynrak boýly, agajetden garaýagyz Arazbaý Öräýew göz öňüme gelip gitdi. Saçakly-sarmykly gatnaşmadygam bolsak, meniň oňa bolan hormat-sarpam uludy.