Söz sizden, döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri!

28 Iýun 2024
332

26-njy iýunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak maksady bilen, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan dörediji ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň jemi jemlendi. Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň uly topary bu bäsleşige ussadyň edebi mirasyna bagyşlanan iň gowy işlerini hödürlediler. Olaryň iň gowulary saýlanylyp, ýaş döredijileriň ençemesi bu bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry hem-de pul baýragy bilen sylaglanyldy. Biz hem Şa serpaýyna mynasyp bolan ýaşlarymyzy uly üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik.