Ähli döwürleriň şahyry

28 Iýun 2024
324

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda parahatçylyk, asudalyk, abadançylyk, agzybirlik höküm sürýär, halkymyz bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýar. Bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna döwlet derejesinde uly üns berilýär we belent sepgitlere ýetilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde beýik şahyrymyzyň döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleriniň uly sarpa goýýandygynyň aýdyň nyşany hökmünde görnükli söz ussadymyzyň ägirt uly heýkeli we seýilgäh toplumy gurlup, ulanylmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz: «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik, berkararlyk, agzybirlik hakyndaky arzuwlary bu gün bagtyýar döwrümizde hasyl boldy» diýmek bilen, ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýär. Gadymy we müdimi türkmen halkynyň geçmişini, şu gününi we röwşen geljegini şöhlelendirýän milli mirasymyzy, taryhy şahsyýetlerimizi, hususan-da, Gündogaryň meşhur akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligini her birimiziň bilmelidigimizi we ýaş nesle öwretmelidigimizi ündeýär. Häzirki döwürde baý mirasymyzy söýmäge, çuňňur öwrenmäge, geljekki nesiller üçin aýawly saklamaga giň ýol açyldy.

Täçmyrat DURDYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.