Ene (hekaýa)

28 Iýun 2024
298

Garagumuň Güne göýdük bolan gerişlerine urşuň ýelgini çabran mahaly Akgül eje gawun üstündedi. Agtygy Hangeldiniň ilkinjileriň biri bolup urşa ugraýandygyny eşitdi-de, şol ýerden aýakýalaň, başaçyk çöp-çöňürleriň arasy bilen oba tarap gönüläýdi. Gele-gelmäne şaýyny tutup ýören agtygyna kömekleşmäge başlady.

— Gyýylýandyr diýme, guzym. Watanyň başyna düşen müşgil iş seniňem müşgiliňdir. Muny ata-babalarymyz aýdypdyr. Sen Göroglynyň neslisiň. Pederiň mertdir. Heder etmän ed-dil iki gözüniň ortarasyna urgun duşmanyň.

Juma HUDAÝGULYÝEW,
ýazyjy, suratkeş.