Asyrlara güneş bolan Pyragy

26 Iýun 2024
237

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler dünýä döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara derejesinde giňden bellenip geçilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly hormat goýup, şeýle ajaýyp çäreleriň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda hem yzygiderli geçirilmegi şahyryň beýikliginiň alamatydyr. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, aýratyn-da ata Watanymyzyň röwşen geljegi hasaplanýan ýaş nesillerimiziň bilim alýan ojaklarynda Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine bagyşlanan çäreleriň yzygiderli guralýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ine, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan wagyz-nesihat işleriň agramly bölegini hem beýik akyldaryň baý döredijilik dünýäsine bagyşlanan çäreler düzýär.

Söz ussady Magtymguly Pyragy türkmeniň nusgawy edebiýatynyň kuwwatly sütünidir. Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan, edebi dili halkyň gepleşik dili bilen birleşdiren akyldaryň döredijiligi öz döwrüniň türkmen durmuşynyň ähli meselelerini öz içine gurşap alypdyr. Dana Pyragynyň garaşsyz, berkarar döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik baradaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Akyldar şahyryň many-mazmunly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary ösüp gelýän ýaş nesillerimizi kämil okamaga, halal zähmet çekmäge, belent maksatlary nazarlamaga ruhlandyrýar. Şol sebäpli hem beýik söz ussadymyzyň döredijiligini hemmetaraplaýyn öwrenmek iňňän gyzykly hem täsirlidir. Müňýyllyklardan bäri adalatlylygy, jomartlygy, hoşniýetliligi, kalbynyň giňligi, açyklygy we parahatçylyk söýüjiligi bilen tapawutlanýan türkmen halkynyň ruhunyň synmaz edebi sütünleriniň biri bolan dana Pyragynyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky gymmatly ündewleriniň, ýörelgeleriniň häzirki syýasatymyzyň esasy özenini düzýändigi barada ýaşlara gürrüň bermegi, wagyz etmegi biz özümize mukaddes borç hem egsilmejek buýsanç hasaplaýarys.

Mährijemal ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.