Tymsallar

26 Iýun 2024
198

Açgözüň takdyry

Üç söwdagär ymgyr çölde, kerwenleriň baryp bilmeýän alysdaky sebitinde ýerleşýän hem-de adamzadyň hiç haçan görmedik-eşitmedik beýik hazynasyny edinmegiň ugruna çykypdyr. Olar jöwzadan, ýadawlykdan ejir baryny çekip, kyrk günläp ýol ýöräpdirler. Şonda düýeleriň köpüsi heläk bolup, olaryň hersinde diňe bir düýe galypdyr. Şol arada olaryň alnynda kümüş böleklerinden durýan beýik dag peýda bolupdyr. Söwdagärler munuň üçin Ýaradana alkyş baryny aýdypdyrlar. Olaryň biri horjunyny kümüşden dolduryp yzyna dolanypdyr.

Toplan Seýýara ROZYBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Dänew etrap geňeşiniň uly buhgalteri.