Synçy tebip

25 Iýun 2024
297

Lukman Hekim Bagdada barýarka, kiçiräk şäheriň çetinde bir adamyň dükan açyp, däri-derman satyp, tebipçilik edip oturanyny görüpdir. Ol tebibiň ýanynda säginip, birsellem onuň hereketlerini synlapdyr. Şol wagt bir zenan hassasyna derman gözläp, tebibiň ýanyna gelipdir. Tebip aýala garap:

— Sen syrkawyň hyzmatkärimi? Hojaýynyň öýi şäheriň gündogaryndamy? Ol düýn gatyk içdimi? — diýip, sowal ýagmyrynyň bujagyny çözläpdir. Zenan tebibe baş atmak bilen «Hawa» diýen jogaby beripdir. Lukman Hekim bilen birlikde birnäçe ötegçi hem bu ahwaly synlap, tebibiň üşükliligine haýran galyp seredipdirler. Biraz wagtdan tebibiň ýany boşansoň, Lukman oňa:

Taýýarlan Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.