Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde mähriban halkymyzyň ruhy hazynasy dünýäde giňden dabaralanýar. Biz ata-babalarymyzyň ýaşaýyş derejesini, milli medeniýetimiziň beýik ösüşlerini köp babatda ýazyjy-şahyrlarymyzyň, taryhçylaryň, suratkeşleriň döreden eserleriniň üsti bilen bilýäris, öwrenýäris. Bu bolsa ata-babalarymyza bolan söýgimizi, buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary indi üç asyra golaý wagt bäri halkymyzyň kalbynda ýaşaýar. Özüniň çuňňur pähim-paýhasa eýlenen goşgulary bilen mähriban halkymyzy watansöýüjilige, agzybirlige, jebislige ruhlandyran dana Pyragyny bu gün bütin dünýä tanaýar.
Hormatly Prezidentimiz «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýär.