Dünýäde ýagynly ýer
Hindistanyň Megalaýa (Meghalaýa) ştatynda ýerleşýän Mausinram obajygy, ol “bulutlaryň toplanýan ýeri” diýmek bolup, ygalyň dünýäde iň köp ýagýan ýeridir. Musson ýelleriniň täsiri bilen iýun--sentýabr aýlarynyň aralygynda Bengal aýlagynyň çygly howasy Gündogar Khasi tekiz dagynyň üstünde 1,5 kilometrlik ýerde toplanýar. Şeýlelikde bu ýere ýylyň dowamynda 11 871 millimetr ygal düşýär.