Hydyr aga bazardan gelýärdi. Aram-aram onuň şeýdip, keýpine bazara gitmesi bardy. Etrap merkezi bilen daýhan birleşiginiň arasynda gatnaýan awtobusyň sürüjisi Hydyr aganyň öýüne barýan ýoluň deňine gelende ulagy saklap:
— Hydyr aga, öýüňe eltip gaýdybersegem bolardy welin, bu adamlar razy boljakmy, bolmajakmy bilemok — diýip, müýnli äheňde goja ýüzlendi.