Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda parahatçylyk, asudalyk, agzybirlik ýaly garaýyşlar esasy orny eýeleýär. Şeýle taglymatlar onuň «Türkmeniň» goşgusynda has hem ýiti duýulýar:
Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.