Kalp nagyşlary (Oýlanma)

13 Iýun 2024
323

Eneler... Siziň öz perzentleriňize paýlaýan baýlyklaryňyz göz öňüne getirerden has uly. Agram taýdanam, beýiklik, giňişlik, çygyr taýdanam ol baýlyklaryň ölçegini alyp bolar öýdemok. Sebäbi eneleriň balalaryna bagyş edýän söýgüsinden daşgary-da mähir yssysyna garyp berýän öwüt-ündewleri, terbiýesi... gyz maşgala üçin-ä ömürboýy peýdalanyp ýörmeli gymmatlyk. Belki, zenan maşgalanyň enesini erkek kişä garanda has köp ýatlaýandygynyň sebäbi-de şondadyr. Onsoň gaýyn öýüniň alkyşyna, töwereginiň öwgüli sözlerine mynasyp bolup ýören gelinlere gabat geleniňde, ony haýsydyr bir enäniň döreden sungat eserini synlan ýaly buýsanç bilen synlaýarsyň.

Ejemiň ýaňy bir gulpajygyny keýkerdip ýörenje gyzjagazlygymdan tä ak patasyny alyp, durmuş ýolunyň ýodasyna düşüp gaýdan pursatyma çenli beren terbiýesini, öwütlerini kalbyma çeken nagyşlary hasaplaýaryn. Ol ajaýyp nagyşlar her bir ädimde diňe özüme däl, töweregimdäkilere-de ruhy lezzet berýär. Ejemiň kalbyma çeken nagyşlarynyň iň gözelleriniň biri — ähli ýaramaz zatlary çalt unutmak endigim. Mähriban käbämiň: «Ýakymsyz zatlary ýüregiňden çykaryp bilmän, öýkäni güzer edinip ýörmekden görjek peýdaň bolmaz, gyzym. Beýdip ýörseň, gabat gelen zibili çöpläp, torba salyp, egninde göterip ýören kişi ýaly, töweregiňde adam goýmarsyň» diýen sözlerini hemişelik ýörelge edindim.

Göwher NURYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy.