Çeper söz ussadynyň sarpasy

12 Iýun 2024
298

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň netijesinde türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň edebi mirasyny öwrenmeklige we wagyz-nesihat etmeklige giň ýol açyldy. Bu ugurda alymlaryň ylmy gözlegleri alyp barmaklary bolsa edebiýat bilen gyzyklanýan okyjylaryň ruhy isleglerini kanagatlandyrmaklaryna we söz mülküniň täsinlikleri bilen içgin tanyşmaklaryna giň mümkinçilikleri döredýär.

Mundan üç asyr ozal ýaşap geçen, türkmen edebiýatynyň sarsmaz sütünini dikelden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy gyzyldan gymmatly eserleri bize miras galdyrypdyr. Durmuşyň ähli meselesi boýunça oňyn çözgüdi salgy berýän beýik söz ussadynyň döredijilik dünýäsi nusga alarlyk terbiýe mekdebidir. Şeýle-de onuň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlaryny özüne ýörelge edinýän, edebi mekdebini mynasyp dowam etdiren we etdirýän görnükli söz ussatlary az däl. Magtymguly Pyragy şygyrlarynyň gurluş taýdan çeperligi, mazmun taýdan şireliligi bilen mizemejek nusgalyk ýol döretdi. Bu nusgalyk ýol Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili, Mämmetweli Kemine, Mollanepes, Annagylyç Mätäji ýaly görnükli söz ussatlarynyň hem-de beýleki ençeme şahyrlaryň şygyrlarynda öz dowamatyny tapýar.

Akjagül ALLABERDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.