Goşgularyňa dünýä aşyk, Pyragy!

12 Iýun 2024
324

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp gelýän döredijilik mirasyny ylmy esasda öwrenmek, onuň pelsepewi garaýyşlaryny açyp görkezmek ugrunda dünýä derejesinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän tutumly tagallalary bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Şu günler bütin dünýä jemgyýetçiligi üstümizdäki ýylda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaraly bellemäge giňden taýýarlyk görýär. Häzirki wagtda beýik söz ussadynyň ýubileýiniň şanyna geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar, medeni çäreler, döredijilik duşuşyklary diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary döwletleriň hem ençemesinde yzygiderli guralýar. Çünki Magtymguly atamyzyň ýubileý dabarasyna halkara derejesinde giň ähmiýet berilmek bilen, şahyryň edebi mirasynyň dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna saldamly goşant bolandygy, onuň ähladamzat gymmatlyklarynyň derejesine göterilip, Arşy-agla şugla çaýyp durandygy öz ykrarnamasyny tapan hakykatdyr. Hut şonuň üçin şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizildi, Türki medeniýetiň halkara guramasy 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

Şu mynasybetli biz üstümizdäki ýylyň ganatly şygaryny baýdak edinip, täze-täze ýeňişlere ýeteris. Tutuş ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygar astynda geçmeginiň aňyrsynda juda uly many-mazmunyň ýatandygy buýsandyryjy hakykatdyr. Bütin ömri-döredijiligi umman ýaly giň hem çuň bolan Magtymguly atamyzyň eserleri dünýä parasat paýlaýan egsilmez mukaddeslikdir. Şol mukaddeslikden gözbaş alýan şahyrana pähim-paýhas bu günki gün dünýä aýlanyp, çeper söze teşne ýürekleri durmuş ýakymy bilen nurlandyrýar. Ol ruhy çyragymyz bolup dünýä ýagşylyk paýlaýar. Ähladamzat gymmatlygynyň derejesine göterilen beýik hazynany dünýä halklary üçin elýeterli eden Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýürekden alkyş aýdýarys.

Gülhumar BERNAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.