Magtymgulynyň şygyrlarynda bedew waspy

11 Iýun 2024
363

Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, şygryýet ummanynyň akyldary Magtymguly Pyragy akyl-paýhasa ýugrulan dürdäne eserleri bilen dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyny baýlaşdyran beýik söz ussadydyr. Onuň kalp töründen syzylyp çykan şygyrlarda durmuşyň ähli meseleleri, şol sanda bedewleriň waspy hem öz beýanyny tapypdyr.

Bedew at mert ýigitleriň syrdaş dosty bolupdyr. Magtymgulynyň ýaşan döwründe bedew durmuş üçin ilkinji zerurlyk hasaplanypdyr. Şahyr eýesine wepaly bedewi saýlap münmegi mert ýigidiň baş maksady hasaplaýar. Ol bedew atyň batyrlyk hem ýyndamlyk tarapynyň zerurlygyny aýdýar. Mert ýigide il-günüň, Watanyň goragynda durmak üçin bedew at gerek. Bedew aty saýlamakda dana akyldar şeýle diýýär:

Işanguly MERETNYÝAZOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Bedenterbiýe fakultetiniň dekany.