Mirkulal baba barada söhbet

11 Iýun 2024
326

Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Bady-sabany görsem» atly goşgusynda: «Bahaweddin, Mirkulal, // Zeňňi babany görsem» diýip beýan edýän taryhy şahsyýetleri, onuň döredijiligine, düşünje dünýäsine täsir eden beýik adamlar bolmaly. Magtymguly Pyragynyň durmuş ýol-ýörelgesi, döredijilik dünýäsi örän giň bolup, onuň sopuçylyk bilen baglanyşykly şygyrlary hem köpdür. Sopuçylygyň nagyşbendiçilik taglymatyna uýan, onuň ýörelgelerinden ugur alan Magtymgulynyň döredijiliginiň süňňi, esasy sopuçylyk taglymatyna, ýagny tarykata baglydyr.

Tasawwufyň nagyşbendiçilik tarykatyny esaslandyran Muhammet Bahaweddin Nagyşbendiniň ady birnäçe taryhy kitaplarda uly hormat bilen tutulýar. Onuň şahsyýetiniň tarypa we öwgä mätäç däldigi, onuň tarypynyň sözlere sygmajakdygy dogrusynda agzalyp geçilýär. Bahaweddin Nagyşbendi il arasynda Bahaweddin Belagerdan, Bahaweddin pir, diwana Bahaweddin ýaly atlar bilen tanalan bolsa, ulamalardyr öwlüýäleriň arasynda Bahaweddin Muhammet Nagyşbendi, Şeýh Bahaweddin, Hezreti işan, Uly hoja ýaly atlar bilen meşhur bolupdyr. Mawerennahrdan Merkezi Aziýa, ondan soňra-da tutuş yslam dünýäsine ady ýaýran Muhammet Bahaweddin nagyşbendiçilik tarykatynyň gurujysy, şol akymyň şasy hasaplanýan beýik alym bolup, onuň halypasy bolsa Pyragynyň goşgusynda hem beýan edilýän Seýit Emir Külal (Mirkulal) hezretleridir.

Aziz HASANOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.