Magtymgulyşynas zenan

6 Iýun 2024
363

Häzirki günlerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary bilen halkymyzyň şöhratly taryhyny, edebiýatyny, medeniýetini ylmy taýdan öwrenen alymlaryň halkyň öňünde bitiren hyzmatlaryna uly sarpa goýulýar, olaryň atlary ebedileşdirilýär. Şolaryň arasynda magtymgulyşynas alym Zylyha Bakyýewna Muhammedowa-da bar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda görnükli magtymgulyşynas, dilçi alym, filologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, Türkiýäniň Türk dil Kurumu lingwistik jemgyýetiniň habarçy agzasy bolan Zylyha Muhammedowa barada käbir maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmaklygy makul bildik.

Zylyha çagalykdan kakasynyň öý kitaphanasyndaky Magtymguly Pyragynyň 1926-njy ýylda ýazyjy Berdi Kerbabaýew tarapyndan taýýarlanylan kitabyny ürç edip okaýar. Bu barada «Magtymgulynyň täsiri» atly makalasynda mekdebe baranda, eýýäm Magtymgulynyň şygyrlaryny okap, olardan köp zatlary öwrenendigi, ylaýta-da, akyldaryň «Jahanda näler görüner» goşgusynyň özünde uly täsir galdyrandygy, başga-da mertlik, gahrymançylyk hakdaky goşgularyny köp okandygy barada aýdýar. Z.Muhammedowanyň dünýä edebiýatyny öwrenmekde, ajaýyp goşgulary labyzly okamakda görelde görkezen alymdygyny onuň bilen tanyşlygy bolan adamlaryň hemmesi bilýärdi. Aleksandr Puşkiniň «Pygamber» goşgusyny okan wagty, Magtymgulynyň «Turgul» diýdiler», «Ýar bizim sary» goşgularynyň ýadyna düşendigi, şeýle goşgulara düşünmäge özüniň Magtymgulynyň şygyrlarynyň üsti bilen eýýäm taýyn bolandygy hakynda ol aýratyn nygtaýardy.

Gurbanjemal YLÝASOWA,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.