Edebiýatçy alym

6 Iýun 2024
508

Öz manyly ömrüni edebiýaty öwreniş ylmyna bagyş eden alymlaryň biri-de filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Gurbandurdy Geldiýewdir.

G.Geldiýew 1942-nji ýylda Gyzylarbat şäherinde dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlandan soň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen dili we edebiýaty ugrundan bilim alýar. Soňra ýokary okuw mekdeplerinde mugallym bolup zähmet çekýär. Şol ýyllarda onuň ylma bolan yhlasy, höwesi artyp ugraýar.

Şasenem AMADOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.