Söze sygynýan ýazyjy

6 Iýun 2024
329

Ozal metbugatda çap bolan «Kitaplaryna garaşylýan ýazyjy» atly makalamda men başga ýurduň edebiýatçysy tarapyndan aýdylan «Türkmen prozasynyň Atajan Tagany» diýen jümläniň türkmen okyjysyny tolgundyrjakdygyny belläpdim. Sebäbi bu jümlede uly many bar, ol türkmen prozasynyň dünýä edebiýatynyň serhedine aralaşyp ugrandygyny aňladýar. Käbir edebiýatçylar dükanda ýatmaýan hem başga dillere kän terjime edilýän eserleri edebiýat serhedinden geçýän eserler hasaplaýarlar. Men şertiň ikisini-de makullaýaryn hem ol babatda Atajan Tagany ýazyjy hökmünde özünden diňe razy bolmak däl, eýsem, buýsanmaga-da hakly hasap edýärin. Çünki ýazyjynyň altmyş bäş müň nusga bilen türkmen, iki ýüz müň nusga bilen rus, otuz müň nusga bilen bolgar dilinde çap bolan «Saragt galasy», üç ýüz müň nusga bilen rus dilinde çap bolan «Keseki» romanlarynyň hyrydary kemlik etmändir. Atajan Taganyň kitaplarynyň özboluşlylygyny wenger edebi synçysy Islaý Zoltan «Nepsebadşag» gazetinde çap bolan makalasynda awtoryň millilige uly üns berýändigi bilen baglaýar.

«Üstünde ýöreýändigiň üçin Ýeriň agramy ýokdur öýtmeli däl» diýen jümläniň özi ýiti pikirliligi bilen ünsi çekýär. Gowusy, ýazyjynyň gysgadan manyly jümleleriniň käbirine okyjylaryň özleri okap baha bersinler.