Şota Rustaweli

6 Iýun 2024
273

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ulanylmaga berlen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda gruzin şahyry Şota Rustaweliniň hem heýkeli bar.

Meşhur «Gaplaň derisine giren pälwan» poemasynyň awtory, gruzin şahyry, döwlet işgäri Şota Rustaweliniň doglan ýeri, ene-atasy, familiýasynyň gelip çykyşy, nähili şertlerde önüp-ösendigi, durmuşy barada takyk maglumat ýok. Bu barada taryhçylar hem suwutly zat aýdyp bilenoklar. Şonuň üçinem Şota Rustaweliniň durmuşy baradaky maglumatlaryň aglabasy halk arasyndaky rowaýatpisint gürrüňlere esaslanýar.

Ogulgerek Meredowa,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni.