Mertlik kyssasy

6 Iýun 2024
368

Döwletmämmet Azadynyň öňküligi ýokdy. Il-günüň azatlygyny gorap, döwlet gurmak niýeti bilen, owgana giden ogullary Abdylla bilen Mämmetsapanyň hat-habarsyz ýitmegi onuň ýüreginde öçmejek yz goýdy. Ýyllar kerwen gurap geçdi. Ondan bäri, gör, niçe ýükli kerwenler Hajygowşan obasynyň orta gürpünden dähedem-dessemläp geçip gitdi?! Ýöne Abdylla bilen Mämmetsapadan welin  gördüm-bildimli  habar gowuşmady. Eziz doganlarynyň aýralyk dagy Magtymgulyny hem juwan ýaşynda otsuz-ýalynsyz çirkizdi. Bu jydalyk onuň joşgundan doly ýüreginde hasratly şygyrlary döretdi. Magtymgulynyň  bu döreden şygyrlary, dogrusy, özüniň içki gam-gussasy bolman, il-günüň erkinligi ugrunda ömür tanapy üzülen gerçekleriň mertligine dikilen ruhy heýkeldi. Magtymguly bu hakykaty şygryň dilinde şeýle beýan etdi:

Ahmet patyşadan habar almaga,
Umyt etdi iller Çowdur han üçin,
Sag baryp, salamat gaýdyp gelmäge,
Oňmady ykballar Çowdur han üçin.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor.