Şahyry gören daga siňen keşp

6 Iýun 2024
401

Daglara siňen keşpler! Olar hakynda oýlanýarkam, näme üçindir, näme gözleýändigim barada pikir etmezden, ýaýylyp ýatan mawy asmana garanymy duýman galýaryn. Bu ahwal, meger, beýle keşpleriň döremeginde ylahy bir güýjüň bardygyna ynanýanlygymyň alamaty bolsa gerek...

Adam ýaşap ýörkä gözleýän zatlarynyň ählisini diýen ýaly Ýerden — ýaşap ýören barlygyndan, durmuşdan tapýar. Şonuň üçinem onuň nähilidir bir pikir bilen asmana garamagynyň aňyrsynda söz bilen düşündirip bolmaýan syr bar ýaly.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
žurnalist.