Oba sil gelende (hekaýa)

6 Iýun 2024
381

Olaryň münen at arabasy dagyň çarkandakly ýoly bilen gidip barýardy. Aslynda, bu ýol düz däldi. Oba adamlaryndan ony düzläre, ýa bolmasa, giňeldere baş galdyran bolmandy. Günleriň birinde welin, Kelje batyr atly bir sahy adam ýol üçin golda baryny edip, uly ili agzyna bakdyrdy oturyberdi. Ýogsam ol il içinde gaty bir baý adamlardanam däldi. Halalhon adamdy, zähmetsöýerdi, ownuk-uşak söwda-satyk bilen meşgullanyp, şonuň bilenem maşgalasyny ekleýärdi. Ol bir döwüm çöreginem paýlaşyp iýýän adamlardandy, artan-egsenini garyp-gasardan gysganmazdy. Ana, şol adam obanyň boý ýigitlerini toplady-da, olaryň hakyny öňünden berip işletdi, özi-de işledi. Onuň yhlasy ýerine-de düşdi. Ol il-günüň, ötegçileriň sogabyny gazanyp bildi. Şonuň üçinem bu adamyň ady bu güne çenli il-günüň agzyndan düşmän gelýärdi.

Ondan bäri aradan är ömri geçipdi. Haýp, bu ýeriň Keljäniň oýy diýlip at alandygyny agzamasaň, onuň ýene-de bir mahalkysy ýaly şo-ol çukanlygydy.

Goçy ANNASÄHEDOW