Dag rowaýaty (hekaýa)

6 Iýun 2024
330

Magtymguly atamyz keremli daglary ene ýeriň myhy, erenleriň, ärleriň, pirleriň mekany saýýar. Ol, dogrudanam, görenleriň akylyny haýran edýär. Hakyt: «Gudrat göreý diýseň, daglara bar!» diýleni-dä. Muňa tymsaly uzakdan agtarmaly däl. Gerkeziň Owaza gädiginden galsaň, guşuçar belentlikde bir çeşme bar. Bulak başynda gerkezli goja mirasgäre gulak asmak bagty maňa-da miýesser etdi. Onuň gürrüňi bizi alysdaky wakalara syýahata alyp gitdi.

...Tomus aýlary dag gözelliginden ruhy lezzet almak şahyr üçin adaty endik bolup galypdyr. Ol bu gezegem şol edähedine eýerip, bulak başyna barypdyr. Daş-töwerege garap, bu ýeriniň gözelliginden ganypdyr. Soňam ol Hakyň didaryny gören suwa tagzym edip, çeşmäniň şeker-şerbet suwundan teşneligini gandyrypdyr. Gan damary giňäp, nepesi, zehini durlanypdyr, kagyzdyr döwet-galamyny nähili ele alanyny duýman galypdyr. Beýik dagyň çür başyndaky üç agaja tiňkesini dikip, oýa batypdyr: «Tagan aýagam üç bolýar, bir-birine güýç bolýar, biri synsa puç bolýar. Pederlerimiz üçlügi mukaddes san saýýar. Şol üç agaç, megerem, agzybirligiň, jebisligiň, abadançylygyň çelgisi bolsa gerek» diýip, içini gepledipdir.

Toýjan BORJAKOW