Ussadyň şanyna dikeldilen heýkeller

5 Iýun 2024
314

Sungat eserleri ynsany ýaşatmaly. Göreniňde, sözüň güýji bilen düşündirip bolmaýan duýgulary ýüregiňe guýmaly. Sungatyň dilinde söýläp, beýan edýän şahsyýetini, taryhy döwrüni, wakasyny ynsanyň hyýalynda janlandyrmaly. Ine, heýkeltaraşlyk eserleriniň maksady hem şundan ybarat. Diýmek, heýkeltaraş şu maksada gulluk etmeli. Bu şeýle bolan ýagdaýynda hakyky sungat eseri öz öňünde goýan maksadyna ýetýär. Şahsyýeti, taryhy döwri we wakany ebedileşdirýär. Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şanyna dikeldilen heýkeller munuň subutnamasy...

Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirmekde heýkeltaraşlaryň bitiren işleri abyrsyz. Olaryň arasynda türkmenlerem bar, daşary ýurtlularam. Şolardan W.Popow, W.Wysotin, W.Kutumow, A.Abramow, A.Şetinin, S.Artykmämmedow, B.Esengeldiýew, B.Atdaýew, M.Seýitmyradow, M.Nurymow, B.Annamyradow, G.Ýarmämmedow, S.Babaýew ýaly heýkeltaraşlaryň, arhitektorlaryň adyny hormat bilen aýtmak bolar. Sungaty hem-de edebiýaty öwrenijileriň berýän maglumatyna görä, akyldaryň ilkinji heýkeli 1956-njy ýylda A.Abramow tarapyndan döredilipdir. Şahyr ýürekli Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Bu çeşme gözbaşyny Oguz han Türkmenden, Gorkut ata Türkmenden, Görogly beg Türkmenden alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, yşkdan we gözellikden ylham alýar» diýen sözleri dana Pyragynyň keşbini sungat eserine öwürmekde heýkeltaraşlaryň ylhamyna ylham goşýar. Hakykatdanam häzirki günlere çenli akyldar şahyryň ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde dikeldilen heýkelleridir ýadygärlikleri umumadamzat sungatynyň bulduraýan çeşmesi. Elbetde, bu çeşmäniň gözbaşy heýkeltaraşlaryň Magtymgulynyň keşbine muşdak kalbyndaky beşeri söýgüden gaýdýar. Şeýle çeşmeden ganmaga teşne ýürekler şahyryň belent mertebesine öwrülen şol heýkelleriň huzuryna baryp ganybermeli. Bu ynsanyň dili bilen däl-de, kalby bilen düşündirip bolunýan duýgy. Ony diňe duýmak gerek...

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.