Kalbymyzyň çyragy

30 Maý 2024
373

Her bir halk dünýä beren şahsyýetleriniň amala aşyran işleri bilen beýiklige galýar. Bu babatda edebiýat, sungat wekilleriniň orny has-da uludyr. Sebäbi olaryň döreden eserleri müňýyllyklar geçensoň hem gymmatyny gaçyranok. Şeýle gymmatly hazynany nesillere ýadygär galdyryp, edebiýat äleminiň iň şuglazar ýyldyzlarynyň birine öwrülen şahsyýetleriň biri-de Magtymguly Pyragydyr.

Jana şypa ary balynyň wagt geçdigiçe dermanlyk täsirini artdyryşy ýaly, akyldar Pyragynyň şygyrlary-da asyr aşdygyça, özüniň täsirliligi bilen ýüreklere ýakynlaşýar, dünýä içre gerimini artdyrýar. Ol şygyrlar diňe bir türkmen halkynyň ýürek urgusy, arzuwlary siňendigi bilen däl, eýsem, adamzat kalbynyň çuňluklaryna aralaşýandygy bilen hem gymmatlydyr. Hut şonuň üçinem Magtymguly Pyragynyň ady bu günki gün dünýä genji-hazynasy diýen söz bilen bir mana eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň: “Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmeni, türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy” diýen sözleri akyldar şahyryň türkmeniň, ynsanyýetiň kalbyndaky ornuna berlen belent bahadyr.

Göwher DURDYMÄMMEDOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň direktorynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.