«Söý sen, Sähraýüzlim...»

30 Maý 2024
429

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasow daýhançylyk käri, daýhanlaryň häsiýetleri, oba durmuşy barada ýazmakda meşhurlyk gazanan şahyrdyr. Onuň ýüregi oba adamlary bilen deň gopýar. Daýhançylyk käriniň ata-baba miras bolup galany üçinmi ýa «Topragy söýmek — Watany söýmek» diýen pikire uýanlygy üçinmi, ol ähli goşgularyny ýer, daýhan, suw, halal zähmet, hasyl ýygnamak bagty ýaly düşünjeler bilen baglapdyr. Şahyryň «Söýgi» goşgusynda liriki gahryman aşyk ýigit, magşugy bolsa ene toprak:

Aýt, özüm bilerin bar galanyny,
Ýakdyňmy kä depäň, kä dabanyňy.