Akyldar şahyra buýsanç

28 Maý 2024
514

Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy ähli ildeşlerimiziň köňül buýsanjyna öwrüldi. Şeýle hem «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dünýä halklarynda hem uly gyzyklanma döredýär. Çünki bu ajaýyp ýerde dünýä edebiýatynyň wekilleriniň heýkelleri hem ýerleşdirilendir. Munuň özi ýurdumyzda halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklara, nusgawy edebiýata aýratyn üns berilýändigini aýdyň beýan edýär.

Magtymguly Pyragynyň eserleri adamzadyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli taraplaryna öz şuglasyny çaýýar. Şahyryň her bir şygrynyň many-mazmuny durmuşyň, adamzadyň meselelerini açyp görkezýär. Akyldaryň ynsana goýýan hormaty bimöçberdir. Adamlara hoşamaýlyk, duýgudaşlyk, il-halkyňy söýmek, milli mertebäňi sylamak şahyryň döredijiliginiň özenini düzýär.

Akbäbek ESENOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.