Akyldara belent sarpa

27 Maý 2024
386

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde bellenilýär. Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäheri söz ussadynyň şanly senesine bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin baran türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli garşylady. Wolga derýasyny etekläp oturan şäherde guralan medeni we bilim maksatly çäreler baý mazmuny bilen tapawutlanyp, türkmen-rus dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkidilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Ýakynda bolsa Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Onda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi hem görkezildi. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan film festiwalyň ýörite baýragy bilen sylaglanyldy. Täze dokumental film türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiliniň keşbini we döredijiliginiň ähmiýetini dünýäniň kino söýüjilerine täsirli açyp görkezýär.

Atamyrat YLÝASOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy.