Golaýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda bäsleşigiň milli hyzmatdaşy bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyp ýaşlary Gazak-nemes uniwersitetiniň guramagynda geçirilen «Merkezi Aziýada, Owganystanda we Mongoliýada Durnukly ösüş maksatlary» atly halkara internet olimpiadasynyň milli derejedäki tapgyryna gatnaşdylar.
Bäsleşige 7 döwletiň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we Mongoliýanyň ýokary okuw mekdepleri gatnaşýar. Onuň maksady Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibinde kesgitlenen 17 maksat we olary durmuşa geçirmegiň wezipeleri boýunça talyp ýaşlaryň bilimine, ylmy-taslama işlerine baha bermekden, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat.