Ýeňişli ýyllaryň ýalkymy

8 Maý 2024
459

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy–— ýeňişli ýollaryň ýalkymy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde institutyň Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary bilen Aşgabat şäheriniň mukaddes ýerleriniň biri bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda ýerleşýän «Watan mukaddesligi» muzeýine hem baryldy.

Ylmy-amaly maslahat üç bölümçede dowam etdi. Institutyň ylmy işleri boýunça prorektory Gurbansähet Gurbansähedow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Amangeldi Orazow, Raýat goranyşy fakultetiniň dekany, polkownik Orazmyrat Annaýew hem-de harby talyp Wepa Baýramberdiýew dagynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik özgertmeler, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanly gerçekleriň, öňi bilen bolsa, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň görkezen gahrymançylyklary we watançylyga beslenen manyly durmuş ýoly barada nygtadylar. Hususan-da, milletimiziň şöhratly taryhynda aldym-berdimli söweşleriň biri bolan 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda beýleki halklar bilen deň hatarda türkmen ýigitleriniň görkezen mertligi dogrusynda beýan edildi. Merdana ýigitleriň şol yhlasy hem ýurda Beýik Ýeňşi getirdi, biziň ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň hem-de mukaddes Watana gulluk etmegiň mekdebidir diýip çykyş edenler nygtadylar. Ylmy-amaly maslahat hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň pähim-paýhasy bilen üstünlikli amala aşyrylýan harby özgertmeleriň netijesinde, şu günki günde Watan goragçylarynda ruhy gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgeleri kemala getirmekde hem-de olarda watansöýüjiligi ösdürmekde aýratyn ähmiýetli boldy.

Baýramgeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby.