Bilimli nesil ýurdumyzyň daýanjydyr

8 Maý 2024
475

Täze taryhy eýýamda ata Watanymyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek üçin hem ähli şertler döredilýär. Ulgamda ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň beýik ösüşlere sary aýgytly gadam urup, bagtly geljegini gurýandygyny alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil derejede döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar.

Eziz Diýarymyzda ulgama sanly bilimiň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Ýaş nesillerimiziň häzirki zaman okuw-görkezme esbaplary, kämil kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklarynda bilim almaklary, dürli dilleri we hünärleri öwrenmekleri olaryň ylymda täze belentliklere ýetmeklerine ýardam berýär. Kabul edilýän maksatnamalarda hem ylym-bilimi ösdürmegiň, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň esasy wezipeleriniň we ugurlarynyň kesgitlenmegi ulgama aýratyn ünsüň berilýändigini subut edýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, ähli ösüşleriň gözbaşy hasaplanýan bilim binýadynyň döredilýändiginiň subutnamasydyr. Ylmyň, bilimiň gülläp ösýän ýurdy bolan eziz Diýarymyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri, saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşlary, hoşallyklary egsilmeýär.

Ýegensoltan Annabaýewa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.