Dabaralara taýýarlykly barylýar

1 Maý 2024
568

25-nji maýda bilim ojaklarynda giňden ýaýbaňlandyryljak mekdep uçurymlarynyň «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge Ak bugdaý etrabynda häzirden degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şonuň çäginde etrabyň jemgyýetçilik guramalary, şol sanda TMÝG-niň etrap Geňeşi şu günler 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ak mekdepler bilen hoşlaşjak mekdep uçurymlarynyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler. “Soňky jaň” dabaralaryny özboluşly toý ruhunda, guramaçylykly geçirmek maksady bilen geçirilýän şeýle çärelere mekdep mugallymlarynyň, şeýle-de mekdep uçurymlarynyň ata-eneleriniň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini artdyrýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda etrabymyzyň ýaşlarynyň ýüzlerçesine mekdep uçurymy bolmak bagty miýesser edýär. Şoňa görä-de, “Soňky jaň” dabaralarynda etrabymyzyň medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryny guramak, okuw ýylynda tapawutlanan mekdep uçurymlaryny jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sylaglamak meýilleşdirilýär. Munuň özi 25-nji maýda geçiriljek dabaralara baý many-mazmun goşar. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, mekdep okuwçylarynyň “Soňky jaň” dabaralarynyň guramaçylykly geçmegini gazanmakda mynasyp tagalla ederis.

Jeýhun SAPARGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.