Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Açyk gapylar» gününi geçirýär

29 Aprel 2024
503

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2024-nji ýylyň 13-14-nji maýynda sagat 15:00-da orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek barada alyp barýan syýasatynyň institutymyzda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Hoş geldiňiz!