Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

29 Aprel 2024
468

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebimize okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylaryny, şeýle hem esgerleri we önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 11-nji maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler, şeýle hem institutda taýýarlanylýan hünärler we taýýarlyk ugurlar barada giňişleýin maglumatlar berler.

Hoş geldiňiz!