Ylmy tejribeleri baýlaşdyran halkara olimpiada

21 Aprel 2024
370

Ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnyklaryny ösdürmek, ýaşlary ylma, döredijilige höweslendirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu işleriň çäginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde şu ýylyň 15 — 20-nji aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS-2024) hem-de olimpiadanyň çäginde 19-njy aprelde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi.

II Açyk halkara informatika olimpiadasy Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek, ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli tejribe alyşmak, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň bilelikde ylym-bilim ulgamynda pikir alyşmalaryny guramak, häzirki döwürde informatika we onuň bilen baglanyşykly ugurlarda ýüze çykýan ylmy, amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek maksady bilen geçirildi.

Nurýagdy MAKSADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.