Döwrebap bilim özgertmeleri

21 Aprel 2024
532

Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler bagtyýar ýaşlarymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýaş nesliň dünýä derejesine laýyk bilim almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Bilim we ylym adamzat üçin gymmatly baýlyk hasaplanylýar. Ynsan gözlemek, gurmak, döretmek, dünýäni has gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen, uly abraý-mertebe gazanýar. Ýurdumyzda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak, höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda goýulýar.

Atajan BABAÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.