Ylym-bilim ulgamyndaky ösüşler

27 Mart 2024
740

Ylym-bilim ulgamy — beýik üstünliklerimiziň hem nurana geljegimiziň binýady. Hut şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli maksatnamalardyr meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Bu babatda öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň iň soňky gazananlaryna daýanylýar. Häzirki döwürde bilim ulgamynyň iň täze innowasiýalary we tehnologiýalary halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyrylyp, ykdysady, syýasy, medeni we ylym-bilim kuwwatymyzyň artdyrylmagy netijesinde, eziz Watanymyz okgunly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we beýleki maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlar we wezipeler öňde goýlan hem-de olary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Hut şoňa görä-de, milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri, täzeçe pikirlenýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde amala aşyrylýar.

«Esger».