Daşary ýurt dilleri döwrebap usulda öwredilýär

12 Mart 2024
462

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýaş nesilleri sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça döwrebap kanunlaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy hem-de dowamly kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler” diýip bellemegi, ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdiginiň aýdyň beýanydyr.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwletimiz tarapyndan bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlar, sanly tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyryp, ony dünýä derejesine ýetirmäge şert döredýär.

Jemal JORAÝEWA
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy