Ýaş zehinleriň üstünligi

13 Mart 2024
723

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu gün ata Watanymyzda ýaşlaryň kämil bilimli, ylymly bolmagy ugrunda alnyp barylýan beýik işleri her bir ädimde görmek bolýar. Şeýle guwandyryjy maksatlar ýurdumyzyň beýik geljegini gurujy, öz hünärine ussat ýaş nesliň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Bu günki gün ýaşlar islendik ugurda özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde çäksiz mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar. Muňa mysal hökmünde ýakynda, has takygy, şu ýylyň 4 — 8-nji mart aralygynda ýurdumyzyň döwrebap ýokary okuw mekdebi bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasyny (OMOUS — 2024) görkezmek bolar. Ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirilen bu halkara bäsleşikde ýurdumyzyň zehinli talyplary üstünlikli çykyş edip, jemi 191 medal, şol sanda ýekebara görnüşinde altyn medallaryň 22-sini, kümüş medallaryň 51-sini, bürünç medallaryň bolsa 104-sini, toparlaýyn tapgyrda 2 altyn, 5 kümüş, 7 bürünç medal gazanmagy başardylar. Talyp ýaşlaryň şeýle ajaýyp üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň ýagty geljegi üçin döredip berýän giň gerimli mümkinçilikleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ýörite habarçymyz.