Nesil aladasy — wajyp wezipe

13 Mart 2024
552

Bedew batly ösüşleriň röwşen ýolundan okgunly öňe barýan ýurdumyzda ýaşlar barada uly aladalar edilýär. Çünki ýaşlar — ýurdumyzyň geljegi. Şonuň üçin-de, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesliň watanperwer, sowatly, giň gözýetimli, sagdyn, belent ruhly bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.

Ýurdumyzda her ýylda çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň onlarçasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olaryň kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi buýsanç bilen bellärliklidir. Şeýle ýokary derejeli bilim edaralarynda ýaşlary okadýan mugallymlaram, bilim alýan okuwçylaram özlerini diýseň bagtyýar hasaplaýarlar. Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaşlara bilim berýän mugallymlaryň ýaşlary watançy, zähmetsöýer, halallyk ruhunda terbiýelemegi, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmegi, şahsy başarnyklaryny ösdürmegi özleriniň baş wezipesi hasaplaýarlar.

Gülnar HUDAÝBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 59-njy orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.