Kitap — paýhas hazynasy

12 Mart 2024
696

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş eden «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby bada-bat ähli watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýankitabyna öwrüldi. Çünki many-maňyzly kitaplar hiç haçan gymmaty egsilmeýän tükeniksiz baýlykdyr. Onuň sahypalaryndan ýaşaýşyň möhüm ýörelgeleri bilen baglanyşykly sowallara dogry jogap tapmak bolýar.

Sadalyk, päklik, halallyk, watansöýüjilik, lebizlilik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleriň gymmatyny kitap gahrymanlary dürli durmuş wakalary arkaly beýan edýärler. Durmuşy dogry we üstünlikli, paýhasly dolandyrmagyň, ýüreklere ýol salmagyň syrly açarynyň hem kitaplaryň sahypalaryndadygy hemmelere mälimdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu babatda şeýle belleýär: «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumadamzat baýlygyna öwrülýär». Ýürekden çykan bu sözler ýüreklerde orun alyp, ruhy gymmatlyk bolan kitaba söýgiňi artdyrýar. Ynsanlar kitap okap Watanyň mukaddesligine, şöhratly geçmiş taryhyna, ýaşaýan döwrüniň ösüşlerine has oňat göz ýetirýärler, ruhuny tämizleýärler.

Amangül KARAKULOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.