“Ynsan akyllysy dil öwrener”

27 Fewral 2024
330

Bedew batly ösüşleri özüne hemra edinip, baky berkararlyk ýolundan barha öňe barýan  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim-ylym ulgamynda hem dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu günki gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, döwletimizde kabul edilýän bilim, ylym babatdaky Kanunlar, Permanlardyr kararlar, maksatnamalar, şeýle-de “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdurmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýaly resminamalar innowasion ösüşe ýardam etjek kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny binýadyny berkidýär.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Ol diňe birek-birek bilen düşünişmek, aragatnaşyk serişdesi bolmak hyzmatyny amal etmän, eýsem depginli ösüş gazanmagyň hem möhüm ugruna öwrülýär. Aslynda, her bir halkyň geçmiş taryhyna, ruhy mirasyna nazar aýlasak, dilleri öwrenmegiň ähmiýeti, zerurlygy baradaky pikirlere köp gabat gelmek bolýar. “Köp dil bilen, köp biler”, “Adamyň akyllysy dil öwrener”, “Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam”, “Dil bilen dünýäni açar” ýaly ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan şeýle paýhaslar dilleri öwrenmegiň möhümligine ýene bir gezek şaýatlyk edýär. 

Klara HOJAMBERDIÝEWA
Çärjew etrabynyň 38-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy