Türkmen dili sapagynda okuwçylaryň diňe bir dürs ýazuw endikleri ösdürilmän, eýsem, olaryň dogry, medeniýetli sözleýiş endikleri hem kämilleşdirilýär. Şol maksat bilen türkmen dili sapagy edebiýat sapagy bilen berk arabaglanyşykda alnyp barylýar. Çünki edebiýat sapaklarynda okuwçylaryň dogry sözleýiş endikleri hem yzygiderli ösdürilýär.
Çagalaryň sözleýiş dili näçe baý bolsa, şonça-da, olar ene diliniň grammatikasy we dürs ýazuwy boýunça öwredilýänlere aňsat düşünýärler hem-de olary hertaraplaýyn çuňňur özleşdirýärler.