Bilimli il ozar

26 Fewral 2024
600

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny gowulandyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek babatda uly özgertmeler amala aşyryldy we üstünlikli dowam etdirilýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär.

Ata Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglary we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurulýar. Halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimizde bilim ulgamyny düýpli özgertmäge aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, mekdepleriň okuw tertipnamasyna düýpli täzelikler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti ýaly başga-da birnäçe dersler binýatlaýyn sapaklaryň hataryna goşuldy.

Güljahan JUMANÝAZOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mugallymy.